TÝL ― 2023: 12-NJI TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN SOŇ GYZYKLY HASAPLAMALAR

― 13 golly bu tapgyr häzirden möwsümiň iň kän golly üç tapgyrynyň arasyna girdi.

― Duşuşyklaryň üçüsinde-de ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

― 12-nji tapgyrdan soň möwsümde geçirilen gollaryň sany 130-a tegelendi.

«Arkadag» – «Köpetdag» – 3:2

Gollar: 22 Şanazar Tirkişow, 49 (11 m.j.u.) Begmyrat Baýow, 82 Meýlis Durdyýew – 80 Aly Zülfakar, 83 Döwletmyrat Seýitmuhammedow.

― Meýlis Durdyýew bilen Aly Zülfakar Ýokary ligadaky, Döwletmyrat Seýitmuhammedow bolsa şu möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

― Möwsümdäki üçünji goluny geçiren Begmyrat Baýow «Arkadagyň» Ýokary ligada iň kän gol geçiren futbolçylarynyň arasynda ikinji orna göterildi.

«Energetik» – «Şagadam» – 1:0

Gollar: 74 Aşyr Jumadurdyýew.

― Aşyr Jumadurdyýew Ýokary liganyň şu möwsümindäki illkinji goluny geçirdi.

― «Energetik» möwsümde ilkinji gezek öz meýdanynda ýeňiş gazanyp gördi.

«Nebitçi» – «Aşgabat» – 6:1

Gollar: 6 Magtymberdi Berenow, 23 (11 m.j.u.), 57 Akmämmet Metdäýew, 41, 67 Döwran Berdiýew, 90+1 Abdymuhammet Begjanow – 73 Döwrangeldi Jumaýew.

― Abdymuhammet Begjanow Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan 70-nji futbolçy boldy.

― Döwrangeldi Jumaýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― Duşuşyk 9-njy tapgyrdaky «Arkadag» ― «Ahal» (5:2) duşuşygy bilen bilelikde Ýokary liganyň iň kän gol geçirilen duşuşygy boldy.

― «Nebitçi» şu möwsümde 30 sary kart görkezilen ilkinji topar boldy. 12-nji tapgyrdan soň toparyň agzalarynyň 31 sary karty bar.

― Döwran Berdiýew şu möwsümde bir duşuşykda iki gezek tapawutlanan 10-njy futbolçy boldy.

― Bu ýeňişden soň «Nebitçi» Ýokary ligadaky utuklaryny 1500-e tegeledi. Topar çempionatda bu sepgide ýetip bilen ilkinji wekildir.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR