Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Gökdepe, Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlik duşuşygynda Garaşsyz ýurdumyzyň goňşylarymyz hem hyzmatdaşlarymyz bolan Täjigistan we Özbegistan döwletleri bilen dost doganlyk gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňler edildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda goňşy ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar has-da berkäp, uly ösüşlere eýe boldy. Milli Garaşsyzlyk Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň özara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, işewürlik gatnaşyklarynda, söwda dolanşygynyň ösüşine giň mümkinçiliklere ýol açdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistan, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üç taraplaýyn duşuşygy türkmen-täjik-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açýar. Sebit ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhynda möhüm syýasy waka bolan Aşgabat sammitinde özara bähbitli gepleşiklere, pikir alyşmalara giň orun berildi. Munuň özi türkmen-täjik-özbek dost-doganlyk gatnaşyklaryny many-mazmuny taýdan baýlaşdyryp, täze gatnaşyklara itergi berýär.
Şeýle-de tegelek stoluň başyndaky çykyşlarda sebit ýurtlarynyň arasynda dowam edip gelýän syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, işewürlik gatnaşyklarda gol çekilen resminamalar, gazanylan ylalaşyklar, bilelikde ýerine ýetirilen işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar dogrusynda gürrüňler edildi. Sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösüşine itergi berjek Aşgabat sammiti türkmen, täjik, özbek halklarynyň arasyndaky mähriban gatnaşyklary has-da berkidip, parahatçylyksöýüji ýurtlaryň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine oňyn täsir eder diýip çykyşlarda giňişleýin aýdylyp geçildi. Ýaşasyn Türkmen-Täjik-Özbek dost doganlyk ýurtlary. Şeýle-de söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler türkmen halkyny arassa asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde bol-elin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini uly buýsanç bilen arzuw etdiler.
Täjinar ALLANUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
esasy hünärmeni.