Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn jemgyýet bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, Tejen etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Tejen etrabynyň 10-njy çagalar bagynda işleýän terbiýeçileriniň, körpeje çagalaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ösüp barýan ýaş nesillerimiziň edepli, tertipli, il halar, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrundaky aladalary öňe sürüp «Çaga eziz — edebi ondan hem eziz» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler çagany ösdürip ýetişdirmek, terbiýäni dogry alyp barmakda ene-atalaryň, terbiýeçileriň tutýan orny barada giňişleýin beýan etdiler, şeýle hem tomus paslynyň gelmegi bilen günüň ýiti şöhlesinden goranmaklaryny, pasyla görä geýinmekligi, arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmekleri hem-de kadaly we sagdyn iýmitlenmegiň zerurdygy barada peýdaly maslahatlary berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap
Geňeşiniň işgäri.