Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň mümkinçiligini artdyrmak barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Şu günler bolsa mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy gyzgalaňly dowam edýär. Her ýylyň awgust aýynda täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde mekdep bazarlarynda söwda-satuwy ýola goýmak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Kaka alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň guramagyndaky edaralar boýunça 2023-2024-nji okuw ýyllary üçin guralan mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary öz işine başlady. Olarda mekdep üçin okuw esbaplary, kanselýariýa harytlary, oglanlar we gyzlar üçin milli biçüwde tikilen egin-eşikler, tahýalar, okuwçy sumkalarynyň her dürli görnüşleri bar. Elbetde, söwda nokatlaryndaky harytlaryň hiliniň ýokarylygy, nyrhlarynyň elýeterligi bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Tomus oňat dynç alan çagalar mekdebe şu günlerden taýýarlyk görýärler. Olar ene-atalary bilen bilelikde okuw esbaplarydyr egin-eşikleri satyn alýarlar. Mekdep bazarlarynyň işini talabalaýyk guramak üçin hemme şertleri döredip beren Arkadagly Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarlar.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.