GARPYZYŇ YNSAN SAGLYGYNA PEÝDASY

     Garpyz — bakja önümleriniň köp dertlere derman bolýan ajaýyp nygmatlarynyň biridir. Düzüminiň 90 göterimden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin, garpyz teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitaminiň çeşmesi. Oňa gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almak peýdasy ulydyr. Şeýle-de onda demiriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar. Bedeniň garpyzyň düzümindäki ýokumly maddalardyr witaminler bilen üpjün edilmegi üçin onuň dogry saýlanmagy örän möhümdir. Munuň üçin bolsa şu aşakdakylar maslahat berilýär:

  • Deşik, ýaryk, ýagny şikeslenen garpyzdan gaça durmaly;
  • Garpyzyň öte kiçi ýa-da has uly bolmazlygyna üns bermeli. Ortaça ululykdaky garpyzyň agramy 5-7 kilogram hasaplanylýar;
  • Garpyzyň ýere degip duran ýerinde agymtyl, sary reňk emele gelýär. Şol ýeri näçe saralan bolsa, garpyz şonça-da bişen hem süýji bolýar;
  • Çigitsiz garpyzlar genetika taýdan üýtgedilendir. Gowy garpyzyň hökman çigidi bolmalydyr;
  • Garpyzyň etindäki süýümler ak reňkde bolmaly.

 

Laçyn MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA