Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümlerini şadyýan geçirmeklerini, olaryň zehinlerini açyp görkezmeklerini gazanmak maksady bilen etrabyň merkezi seýilbagynda etrabyň çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Sarahs etrap Bilim bölüminiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu çärä etrabyň çagalar baglarynyň terbiýeçileri, körpejeler we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Dabarada körpelerden düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Bagtyýar çagalar aýdym aýtdylar, tanslary ýerine ýetirdiler. Olaryň ýaş kalplaryndan joşup çykan aýdymlar, tans çykyşlary ata-Watanymyza, asuda durmuşymyz , bagtly çagalyga bolan buýsanjyň waspy bolup, ýüreklere ylham eçildi. Labyzly okalan goşgular hem gyzgyn garşylandy. Dabaranyň geçýän ýerinde körpeleriň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik hem guralyp, çekilen suratlaryň sergisi bagtyýar çagalygyň aňlatmasy boldy. Bu bolsa dabara gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň, kärdeşler arkalaşygynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.