Türkmen zenany, onuň watansöýüjiligi, lebzihalallygy, görmegeýligi, mertligi, päkligi, zerur bolan halatynda söweşjeňligi we ýene-de köp-köp oňat taraplary barada, gör, näçe eserler döredildi, näçe ýazgylar ýazyldy. Aslyny Oguz handan alyp gaýdýan halkymyzyň aýal-gyzlary owal-başky türkmen edebine mahsus terbiýäni ençeme müňýyllyklaryň ýowuz pursatlarynyň hem, parahatçylykly ýyllarynyň hem içinden geçirip, onuň asyl köklerini häzirki Garaşsyzlyk döwrümize çenli ýetirmegi başarypdyrlar.
Elbetde, türkmenleriň taryhyň gatlaryna siňip giden geçmişinde her bir halkda bolşy ýaly, zenanlar barada dürli pikirler, garaýyşlar, hatda olaryň jemgyýetdäki, maşgaladaky ornuna kembaha garalan döwürleri-de bolandyr. Munuň şeýledigine, taryhyň özi şaýat. Emma taryh ene-mamalarymyzyň zenan maşgala mahsus bolan iň oňat häsiýetleri özünde jemläp, şolara-da ygrarly gelendigini-de inkär etmeýär.
Eýsem, türkmenler geçmişde öz aýal-gyzlaryna nähili garadyka? Muňa düşünmek üçin olar barada beýleki halklaryň wekilleriniň näme ýazandygyna göz aýlamak ýeterlikdir. ХIХ asyryň 60-njy ýyllarynda Merwde on dört aý töweregi bolan fransuz syýahatçysy Gulibef de Blokwil şeýle ýazypdyr: “Beýleki musulmanlara garanyňda, türkmenlerde aýal-gyzlaryň abraýy has ýokary. Şeýle-de bolsa, olaryň işleri örän köp: beýleki işlerden başga-da, olar her günde maşgala iýmiti üçin bugdaý üwemeli bolýarlar. Mundan başga-da, ýüpek, ýüň egirýärler, dokaýarlar, tikýärler, keçe basýarlar, çadyryň ýokarysyna münüp-düşýärler, suw almaga gidýärler, kämahal ýüpegi ýa-da ýüňi ýuwýarlar, boýaýarlar we haly dokaýarlar… Erkekler aýal-gyzlara ýumşagrak çemeleşýärler, olar barada artygrak alada edýärler, hormat-sylag bilen garaýarlar. Türkmen aýallary ýat adamlaryň ýanynda ýaşynýarlar we ýuwaş ses bilen gürleşýärler”.
“Käbir zenanlar has dogumly”-diýip, barlagçy W.A.Tugan-Mirza-Baranowskiý 1881-nji ýylda ýazypdyr: - Olar çozuşlara erkek bilen deň hatarda gatnaşýarlar, ýaraga örän oňat erk edýärler. Çagalykdan at münmäge endik bolup, her hili işler bilen gujur toplan zenanlar kämahallar güýç we çakganlyk babatda islendik esgerden ýa-da jigitden pes oturmaýar. Bykyny gylyçly, guşagy birgiden zatly, arkasy tüpeňdir uzyn saply gamaly we eli uzyn naýzaly, at üstünde eňip barýan sähra amazonkasy hakyky we täsin tomaşa bolup durýar. Duşman bilen bolan söweşleriň birnäçesinde tapawutlanan amazonkanyň hormat edilip serkerde saýlanýan wagty hem bolýar…”.
Rus taryhçysy N.Latkin 1885-nji ýylda şeýle belläpdir: “Teke aýaly musulman Aziýasynyň beýleki böleklerindäki ýaly öz äriniň gyrnagy däl-de, öz adamsy bilen deň hatarda raýatlyk we syýasy hukuklary bolan doly hukukly raýat bolup durýar. Ol öz ýüzüni çadra bilen örtmeýär. Onuň diňe bir maşgala däl, eýsem jemgyýetçilik işlerine-de edýän täsiriniň möhüm ähmiýeti bar: zenanyň pikiri beýlekiler bilen deň hatarda diňlenilýär. Bu babatda türkmenler Aziýanyň, hatda Ýewropanyň hem ähli halklary bilen deňeşdirilende ep-esli öňe gitdiler”.
Fransuz serkerdesi Edgar Bulanžýe hem (ХIХ asyr) N.Latkiniň ýazanlaryny makullapdyr: “…Teke halylary örän ýumşak, olaryň nagyşlary owadan, reňkleri doýgun. Türkmen sähralarynyň ýaşaýjylary-sünni musulmanlar, ýöne olarda birjik-de fanatizm ýok, şonuň üçin hem olaryň aýallary araplaryňkydan tapawutlylykda, ýüzlerini örtmeýärler… Bu musulman ýurtda aýallaryň doly garaşsyzlykdan peýdalanýandygyny-da aýdaýyn, olaryň ýere we suwa eýelik etmäge erkekler bilen deň hatarda hukuklary bar”.
Tejen uýezdiniň naçalnigi Mihaýlowyň 1891-nji ýyl üçin hasabatynda şeýle bellenilýär: “Gije el degirmeniniň daşy bilen däne üwän türkmen aýaly eýýäm daň bilen, heniz erkekleriň ýatan wagty turup, aýratyn meýdan pejinde çörek bişirmek üçin ot goýberýär. Soňra sygyrlary, geçileri ýa-da düýeleri sagýar hem-de hojaýyna çaýlyk gyzgyn suwy öňünden taýynlap goýýar. Günüň başga wagty nahar taýýarlamak, ýüpek bilen keşde çekmek ýa-da halylary we palaslary dokamak bilen geçýär. Bu işde teke zenanlarynyň bäsdeşleri ýok”.
Rotmistr A.Lomakin (1897 ý.): “…Şerigata pugta eýerýän halklaryň aýallarynyň ýagdaýyna garanyňda, türkmen aýallarynyň ýagdaýynyň oňat taraplary bar. Meselem, şeýle bir örän möhüm ýagdaý barada aýtman geçmek bolmaz. Bu – türkmen zenanlarynyň ýan-ýoldaş saýlamakda erkinliginiň köpräkligidir… Türkmen zenanlary ýüzlerini örtmeýärler, şonuň üçin, adat boýunça, gudaçylyk gürrüňiniň we galyň baradaky gepleşikleriň üçünji bir adamlaryň üsti bilen geçirilýändigine garamazdan, türkmenleriň öýlenýän ýigidiň we durmuşa çykýan gyzyň nikadan öň biri-birini ýakyndan tanamaga doly mümkinçilikleri bar, üstesine-de, köp halatlarda olaryň bir-biri bilen çagalykdan ýakyn aragatnaşyklary bar”.
General A.N.Kurapatkin (1899 ý.): “Türkmenlerde zenan maşgala hukuksyz däl. Hatda ol maslahatlar geçirilende-de, erkekler bilen bile gatnaşýar, oturymly ýerlerine, obalaryna çozuş edilen mahallary bolsa ärleri we ogullary bilen deň hatarda söweşýärler”.
Russiýaly gündogary öwrenji M.Morozowa şeýle ýazypdyr (1996 ý.): “Türkmen zenanlary barada aýratyn aýtmak gerek. Olar özleriniň gaýtalanmajak gözelligi, gelşikli milli egin-eşikleri, buýsançly syraty bilen haýran galdyrýar. Meýdanda, fabrikde, bilim we medisina ulgamynda, döwlet gullugynda zähmeti köp talap edýän önümçilik işleriniň daşyndan, uly maşgala ideg etmek, çagalary terbiýelemek, adamsy we ene-atasy bilen sylaşykly gatnaşykda bolmak boýunça hakykatdan kyn borçlary ýerine ýetirmeli bolýandygyna garamazdan, olar haýrana goýýarlar. Meniň pikirimçe, hut türkmen zenany türkmen milletiniň bezegi bolup durýar”.
Bu maglumatlar türkmen zenanlarynyň buýsançly we garaşsyz häsiýetini aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.
Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
Gubadag şäher kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.