Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýaşlaryň uly orun eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan bu ajaýyp işler Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar babatynda edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, bu günki gün berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi, nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyz: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär, «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys...» diýen ganatly jümleleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýazjemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.