Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Esasan hem soňky ýyllarda milli medeniýetimiz, aýdym-saz sungatymyz diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem halkara derejesinde hem belent derejelere göterildi. Şeýle hem halkymyzyň ýüreginden orun alan aýdym-saz sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa bagşy-sazandalarymyzyň, meşhur aýdymçylarymyzyň ýoluny mynasyp derejede dowam etdirýän ýaşlarymyzyň barha artmagy medeniýetimiziň, sungatymyzyň rowaçlanmagyna uly itergi berýär. Ýaşlygyna garamazdan, çagalykdan aýdym-saz sungatyna yhlas bilen ýapyşyp, bu günki günde yhlasy myrat tapan, aýdym-saz äleminde we kino sungatynda üstünlikler gazanyp, halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolmagy başaran ýaş aýdymçy gyzlarymyzyň biri hem, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň medeniýet öýüniň tans artisti Selbi Kakanowadyr. Biz hem saýtymyzyň şu sahypasynda, ýörite siz üçin taýýarlan ýaş aýdymçy Selbi Kakanowa bilen söhbetdeşligimizi hödürleýäris.
— Selbi, ilki bilen sizi ýaşlygyňyza garamazdan, aýdym-saz äleminde we kino sungatynda gazanan üstünlikleriňiz bilen gutlaýaryn. Ýene-de öz saýlan käriňizde belent sepgitlere ýetmekligiňi arzuw edýärin. Size ilkinji sowalym, ykbalyňyzy ýaşlykdan sungata baglamagyňyza näme sebäp boldy?
— Sag boluň! Şu ýerde halypa mugallymlarymyzyň biriniň «Her bir adamda belli bir ugur boýunça zehin bolýar, ýöne şol zehini açmaklyga, kämilleşdirmeklige sebäp we halypa gerek» diýen sözüni ýatlasym gelýär. Meniň bu ugurdan zehinimiň ýüze çykmagyna hem-de öz üstümde işlemekligime öz käbäm, ejem sebäp boldy diýsem, ýalňyşmaryn. Aslynda ejemiň özi hem medeniýet ugrundan okap, tans mugallymy bolup işlän. Ýöne halk aýdymlarynyň aýdylyşyny, jukguldylaryny, gaýnawlaryny, sözleriniň dogry ýerine ýetirilişini inçelik bilen yzarlamaga hem höwesekdi. Birnäçe halk aýdymlarynyň sözlerini ýatdan bilýärdi. Men heniz alty ýaşymda wagtym, meniň uly gyz doganym Sähra etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebiniň tans bölümine gatnap başlady. Menem onuň yzyndan galmaýardym, şol ýagdaý hem maňa geljekde medeniýet-sungat älemine ädim ätmegime sebäp boldy. Galany hem, ýaňky diýşim ýaly, ejemiň tagallalary bilen dowam etdirdim.
— Heniz orta mekdebe gadam basmasyňyzdan öň, sungat bilen gyzyklanyp başlapsyňyz. Soňra, has dogrusy, orta mekdepde okaýan döwürleriňizde hem bu ugur boýunça öz üstüňizde işlemäge ýardam eden ýakynlaryňyz barada aýdaýsaňyz.
— Bu barada aýtsam, öňi bilen bize şeýle ajaýyp zamanada, berkarar Watanda ýaşamak bagty miýesser etdi. Bagtyýarlyk döwrümizde islendik ýaşdaky çagalara öz saýlan ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmeklige giň ýollar, mümkinçilikler döredilip berildi. Ilki bilen, şol mümkinçiliklerdir şertler maňa öz oňyn täsirini ýetirdi. Mekdepde okaýan wagtlarym hem geçirilýän medeni çärelerde aýdymlary ýerine ýetirýärdim. Soňra etrabymyzyň çagalar sungat mekdebinde tans ugry boýunça okap başladym. Bir söz bilen aýdanymda, mekdep mugallymlarymyz hem çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary hem meniň bu ugurdan şeýle derejelere ýetmegime ýakyndan ýardam berdiler.
— Ýaşlygyňyza garamazdan, eýýäm ajaýyp aýdymlaryňyz bilen şeýle hem kinofilmlerde döreden keşpleriňiz bilen köp sanly muşdaklaryň ýüreklerinden orun almagy başardyňyz, eýsemde bu üstünlikleriň syry nämede?
— Bu ýerde üýtgeşik bir syr ýok, ýaňy hem belläp geçişim ýaly, öňi bilen ajaýyp döwrümizde, döwletimizde medeniýete we sungata berilýän ýokary derejedäki üns täsir edýär. Mysal hökmünde aýtsam, mekdepde okaýan çagalaryň arasynda zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen bäsleşikler yglan edilýär. Men şol bäsleşiklere yzygider gatnaşdym. Netijeler barada aýtsam, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi boldum. 2008-nji ýylda «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan yglan edilen «Şekilli aýdymlar» bäsleşiginde «Owadan güller» atly şekilli aýdymy ýerine ýetirip, bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy başardym. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragyna mynasyp boldum. Diýjek bolýanym, her bir üstünlik indiki üstünligiň açary ýaly bolup ruhlandyrýar, öz üstüňde irginsiz işlemeklige höweslendirýär. Deň-duşlaryma, kärdeşlerime irginsiz zähmet çekip, elmydama gözlegde bolmaklygy maslahat berýärin.
— Siz estrada aýdymlaryny hem halk aýdymlary ýerine ýetirýärsiňiz. Bu iki ugry deňlikde alyp gitmek kyn düşenokmy? Özüňiz aslynda haýsy aýdymlary ýürege ýakyn hasaplaýarsyňyz?
— Örän ýerlikli sowal berdiňiz. Bu sowaly köp adamlar berýär. Estrada aýdymlary döwrümiziň heňi saýylýar. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşap, şu ösüşleri, özgerişleri öz gözüň bilen görüp durup, waspyny aýdymda beýan etmezlik mümkin däl. Şonuň üçin estrada aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirýän. Täze-täze aýdymlaryň üstünde işleýän. Halk aýdymlarymyz barada aýdanymyzda bolsa, olar ençe asyrlardan aşyp, biziň günlerimize ýetip gelen ruhy gymmatlyklarymyz. Ýaş nesliň wekili hökmünde halypalarymyz barada, olaryň döredip, miras goýan aýdymlaryny öwrenmeklik, öz ukyp-başarnygyňa görä, halka ýetirmeklik her bir ýaş bagşynyň, aýdymçynyň borjy bolup durýar. Galyberse-de, ýokarda hem belläp geçişim ýaly, halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegimde ilkinji halypam – käbäm kän zähmet siňdirdi. Şonuň üçin hem men halk aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirýän.
— Selbi, siz kino sungaty bilen hem ýakyndan gyzyklanyp, kinofilmlerde keşp janlandyrmakda-da tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmaklyga ýetişipsiňiz. Bu ugurda özüňizi synap görmeklige näme sebäp boldy?
— Meniň kino sungatyna gelmegime öz okap, bilim alan ýerim Türkmen döwlet medeniýet institutyndaky halypa-mugallymlarymyň aladalary, maslahatlary sebäp boldy diýsem ýalňyşmaryn. Ençeme talyplara sapak, bilim berip, ençeme şägirtleri ýetişdiren halypa-mugallymlarymyz mende aktýorlyk ukybynyň bardygyna göz ýetirip, maňa bu ugurda hem özümi synap görmekligi maslahat berdiler. Eger-de erjellik bilen hereket edip, ýürekden ýapyşsam, bu ugurda hem üstünlikler gazanjakdygymy aýdyp, ak ýol arzuw etdiler. Men hem halypalaryň diýenlerini edip, olaryň bildiren ynamyny ödemek maksady bilen, kinofilmde surata düşmeklige, keşp janlandyrmaklyga yhlas bilen ýapyşdym. «Yhlasa – myrat» diýleni, bu ugurda hem üstünlikler gazanmak miýesser etdi. Elbetde kynçylyklar, bökdençlikler hem bolman durmady, emma köpçüligiň goldamagy, öz yhlasly zähmetim bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçmegi başardym. Sapardurdy Annaýewiň režisýorlyk etmeginde, «Geljege gadam» atly filmde baş keşbi, ýagny Gülmährem atly gyzyň keşbini ýerine ýetirdim. Halypalarymyň, beýleki tanyşlarymyň baha bermeklerine görä, bu keşp örän şowly çykypdyr. Şondan soňra bu ugra hem ýürekden ýapyşyp, kino sungatyna hem ymykly girip gidenimi duýman galypdyryn.
— Medeniýet işgäri hökmünde, häzirki zamanamyza medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi barada kelam agyz aýdaýsaňyz.
— Bu barada aýdara zat gaty kän. Sebäp diýseň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, bu günki gün türkmen medeniýeti we sungaty ýokary derejede ösüşlere beslenýär. Özümiz munuň janly şaýady bolýarys. Türkmenistan döwletimiziň goňşy döwletler bilen we dünýäniň beýleki döwletleri bilen medeni gatnaşyklary belent derejelere göterilýär. Watanymyzda medeniýet hepdelikleri yzygiderli geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, goňşy döwletlerde hem türkmen halkymyzyň medeniýet günleri geçirilýär. Bu bolsa, medeniýetimiziň we sungatymyzyň halkara derejesinde uly meşhurlyga eýe bolmagyna uly ýardam edýär. Medeniýet işgärlerine zähmet çekmeklige giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Bu ýagdaýlar hem ähli medeniýet işgärlerine has hem döredijilikli işlemeklige, milli medeniýetimizi ösdürmeklige giň ýol açýar. Şu pursatda, ähli medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdýaryn. Geljekde hem, medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da rowaçlanmagy ugrunda öz zähmetimizi gaýgyrmarys diýip, ynandyrasym gelýär.
— Selbi, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, biz hem size geljekde hem uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan: Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.