HYÝAL

Yzymyzda geçmiş galdy,

Hem yşkymyz, aýdylmadyk.

Säher guşlaň owaz edip,

Sesin goşan aýdymmydyk.

 

Ýaýlalarda yzlar galdy,

Geljegine yş görmedik.

Kalbymyzda köräp öçen,

Yşkymyza maý bermedik.

 

Aýby barmy geçen günleň,

Bagtymyza bagt gatmadyk.

Uka gitdy hyýallarmyz,

Ir ertirler daň atmadyk.

 

Hem wysally hem wysalsyz,

Arzuwlara gol galgatdyk.

Aýralykda geçip barýan,

Ýyl üstüne ýyllar gatdyk.

 

Gunça ORAZOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

04 Noýabr 2025 | 105 okalan

BEREKET-BOLÇULYGYŇ MEKANY

03 Noýabr 2025 | 176 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM (Hekaýa)