ÝAŞLYGYŇ ÝAÝLASYNDA

     Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belen-de göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi beýik ynamy ödemek maksady bilen netijeli işleri alyp barýar.

     Hut şeýle beýik maksatdan ugur alyp, şu günler «Ýaşlaryň şäheri» adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki ulgamlarda ilkinji ýaşlar guramalaryny döretmek we ol ýerlerde zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň agzalygyna kabul etmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

     Öňdebaryjy ýaşlaryň ýüzlerçesi agzalyga kabul edildi. Agzalyga kabul edilen ýaşlara Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň jemgyýetimiziň ösüşini pugtalandyrmaga we Watanymyzyň abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga işjeň gatnaşýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

     Kämil jemgyýeti kemala getirmek üçin bilimli, arassa ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri. Muňa çuňňur düşünýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň zähmetde we durmuşda, medeniýetli dynç almakda, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda döredijilik bilen meşgullanmaga bolan hukuklaryny üpjün etmekde, olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmakda, halkymyzyň hazynasy bolan milli däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly şahsyýet hökmünde kemala gelmegini gazanmakda uly işler amala aşyrylýar. Şeýle belent maksatdan ruhlanyp, ýakynda Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, şeýle-de şäher häkimliginiň guramaklarynda geçirilen «Bilim—bagtyň açary» atly maslahat hem çuňňur mana baý boldy. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçen maslahatda, ýurdumyzyň ylym, bilim pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, bu babatda durmuşa geçirilýän täze işler barada durlup geçildi. Arkadag şäherinde ýerleşýän täze ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine, orta mekdeplerdir çagalar baglaryna gadam goýjak ýaş nesilleriň uly bagtyň eýesidigi hakdaky buýsançly gürrüňler çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI