MIRASYM – MERTEBÄM

     Şu gün Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. «Mirasym – mertebäm» ady bilen geçirilen maslahata Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Onda Ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen birlikde beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň hem hünärmenleri çykyş etdiler. 1993-nji ýylyň 17-nji awgustyndan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüm birligi – ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň häzirki döwürde bu gurama bilen alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy we onuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlarda täsirli gürrüňler edildi. Olarda bellenilişi ýaly,

     BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy tarapyndan tutuş Ýer ýüzünde maddy we maddy däl medeni mirasy öwrenmäge, olary gorap saklamaga degişli köp işler amala aşyrylýar. Meselem, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen galalardyr ýadygärlikler «Bütindünýä mirasy» diýen nyşan bilen tanalýar.

     Hatda özara düşünişmezlikler sebäpli weýrançylykly hadysalar bolanda hem şeýle gymmatlyklar ýörite gorag astynda bolýar. Munuň özi şol gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmäge, gymmatlyklar hakynda baý maglumat goruny döretmäge we olary gorap saklamaga degişli ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeler ýüze çykarylýar.

     Şeýle hem ýurdumyz bu guramanyň 2003-nji ýylda kabul edilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky konwensiýasyna hem goşuldy. Çünki Maddy däl medeni miras halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary, özara düşünişmegi kemala getirýän gymmatlyk bolmak bilen bir hatarda, bu ugurda dünýä ýurtlaryna özara tejribe alyşmaga-da mümkinçilik berýär. Konwensiýanyň esasy maksady bolsa umumadamzat gymmatlyklary hasaplanýan Maddy däl mirasy gorap saklamaga hem-de onuň nesilden-nesle geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilendir.

     Şeýle hem çykyşlarda häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy we medeni ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikleriň ýüze çykarylandygy we hasaba alynandygy hem-de birnäçe taryhy we medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň ÝUNESKO-nyň Maddy we maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda orun alandygyny buýsanç bilen bellediler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY