Şeýle şygar bilen şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatyň Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Olarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, şol bir wagtda öňde durýan wezipeler dogrusynda bellenilip geçildi. Şeýle hem çykyşlarda sebitde deňi-taýy bolmadyk «Akylly şäher» adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň geljekde bilimler şäheri adyny mynasyp göterjekdigini hem uly buýsanç bilen aýtdylar.
Çykyşlaryň ahyrynda halkymyzyň medeni hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we onuň hilini ýokarlandyrmakda, döwrebap bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha ýokarlandyrmakda dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlar aýdyldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň asylly başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.