ÖŇDEBARYJY ÝAŞLAR AGZALYGA KABUL EDILÝÄR

     Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

     Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işine ýokary baha berýär we uly ynam bildirýär.

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik eseri bolan Arkadag şäheriniň Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berilmegi we döwrebap, sebitde deňi-taýy bolmadyk şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi ýene bir ýola ýurdumyzda ýokary derejede durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir.

     Şu nukdaýnazardan şu günlerde Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan 37 ýaşa çenli ýaşlary «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň agzalygyna kabul etmek we Ilkinji ýaşlar guramalaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

     Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň onlarçasynda Ilkinji ýaşlar guramalary herekete başlady we öňdebaryjy ýaşlaryň ýüzlerçesi agzalyga kabul edildi. Agzalyga kabul edilen ýaşlara Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi Arkadagly ýaşlaryň jemgyýetimiziň ösüşini pugtalandyrmaga we Watanymyzyň abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga işjeň gatnaşýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY