SEN GIDENSOŇ....

Sen gidensoň

Boşap galdy bu dünýäm.

Ýeller aýralygyň mukamyn çaldy.

“Gitme” diýip, ýalynyplar ses edip,

Baglaram gol bulap, yzyňda galdy.

 

Sen gidensoň,

Wagt durdy ýöremän.

Indi gaýdyp duşjagymyz näguman

Ne-hä öňe ätdim, ne-de bir yza,

A sen bolsa, ýöräp barýaň säginmän.

 

Sen gidensoň

Doňup galdym gürlemän.

Ýalan söýgi bu gün ýürek daglady.

Haýpy gelip, meniň düşen halyma,

Diňe men däl, mawy giňlik aglady.

 

Sen gidensoň

Ýyllar geçdi aradan

Indi ýylgyrýanam käteler gülüp.

“Barym, bagtym” diýen elýetmez söýgim,

Ýatlama öwrüldiň, geçmişde galyp.

 

Gunça ORAZOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI