Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, muňa aýdyň mysal hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habar gelip gowuşdy. ÝUNESKO-nyň sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolandygy barada öz hatynda uly şatlyk bilen belläp geçdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi Bu habar ýaşlarda uly buýsanç döretdi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup, ýaşlar bilen bilelikde taslamalary amala aşyrmakda özara gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen döredilendir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar bilen işleşmäge ýaşlary, guramalaryň işine çekmäge, ÝUNSEKO-nyň içindäki taslamalary bilelikde öwrenmäge we durmuşa geçirmäge höwesli ýaşlaryň, we ýaşlar guramalary üçin bilim giňişligi hökmündäki guramadyr.