TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGYNDAKY TUTÝAN ORNY

     «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ugur alnyp, uly üstünlikler bilen şöhratlandyrylýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň halkara derejede goldanylýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

     Häzirki wagtda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýaşlar ugry boýunça, öňdebaryjy sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

     ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine ýaşlar tarapyndan we ýaşlar üçin döredilen global platforma bolup, dünýädäki ýaşlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, nesilleriň arasyndaky bilimleri paýlaşmak, şeýle-de geljekki ýaş dünýäni gurujylar üçin hereketleri artdyrmak maksady bilen döredilendir. Bu başlangyç 2019-njy ýylyň 18-19-njy noýabrynda guramanyň baş edara binasynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 11-nji Ýaşlar Forumynyň çäklerinde dünýäniň ähli sebitlerinden, öňdebaryjy ýaşlaryň jemlenip, mundan beýläk-de ÝUNESKO bilen ýaşlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen özara pikir alyşmalaryň esasynda döredilipdi.

     Bu abraýly halkara guramanyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň döredilmeginiň esasy iki maksady bolsa, ÝUNESKO-nyň taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde ýaşlaryň manyly gatnaşmagyny höweslendirmekden we artdyrmakdan, şeýle hem ýaşlaryň başarnyklary bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary öz içine alyjy giňişlikde bilelikde öwrenmekden, bilelikde işlemekden we bilelikde durmuşa geçirmekden ybarat bolup, garaşsyz ýaşlar jemgyýeti hökmünde döredildi.

     Häzirki wagtda bütin dünýäde global meseleleriň çözülmeginde, halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda ýurdumyzyň daşary syýasaty taraplaryň özara bähbitlerine hormat goýýan, goldaýan, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk ýörelgelerinden ugur alýar. Bu ýörelge ähli pudaklarda, ulgamlarda mynasyp dowam etdirilýär. Şol sanda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, olary durmuş-sosial taýdan goldamakda we beýleki möhüm wezipeleri guramakda, işleri alyp barmakda özara tejribe alyşmak üçin, dünýäniň ençeme döwletleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Geljekde-de, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň işjeň agzasy bolmak bilen, türkmen ýaşlary dünýäniň ýaşlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde berkitmekde we ösdürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirer. Bu bolsa ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda dünýä tejribesini öwrenmekde, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde möhüm başlangyçdyr.

     Umuman, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly uly maksatnamalar kabul edilýär we amala aşyrylýar. Şeýle maksatnamalar taýýarlanylanda, ýaşlaryň ýerine ýetirmeli işleri bilen birlikde, olaryň bähbitleri hem göz öňünde tutulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýaşlaryň özleriniň hem-de Watanymyzyň röwşen geljeginiň berk binýadyny döretmegi, täze uly mümkinçiliklere eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň halkara forumlaryň işlerine işjeň gatnaşyp toplan oňyn tejribeleri öňde duran beýik maksatlara ýetmekde pugta binýat bolar.

     Ýaşlar barada edýän çäksiz aladalary we olaryň halkara hyzmatdaşlygynda alnyp barylýan işleri işjeň gatnaşmaklary üçin ähli tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Goý, olaryň janlary sag bolsun, mertebeli başlary hemişe belent bolsun!

 

Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika

institutynyň 4-nji ýyl talyby, Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar