Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň röwşen geljegi hasaplanýan türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başyndaky ýazgy geçirildi. Gepleşikde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi Jemal Rematullaýewa we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Nowruz Nurberdiýew Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de halkara guramalaryň, dünýä bileleşiginiň ýaşlar babatynda geçirýän giň gerimli işleri dogrusynda pikir alyşdylar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen esasy maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri we esasy ugurlary üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny has-da ösdürmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanylyp, bu resminamalaryň çäklerinde yzygiderli işler we çäreler geçirilýär. Şunda ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär.
Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Ol türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek, ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek, ýaş alymlaryň bilelikdäki işlerini ýola goýmak we beýlekiler Strategiýada kesgitlenen ugurlardyr.
Şunuň bilen birlikde, Strategiýada medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak we beýleki çäreler bu işlere ýardam berer. Strategiýada bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalara gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini hem-de häzirki zaman gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça bäsleşikleri guramak bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar.
Bu wajyp Strategiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyny ÝUNESKO-nyň Global ýaşlar jemgyýetine goşmak meýilleşdirilýär. Bu inklýuziw platforma ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyga we nesilleriň arasynda okuwa ýardam etmäge gönükdirilendir.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy dünýäde ýaşlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan halkara guramalaryň ilkinjileriň biri hasaplanylýar. Muňa mysal edip, Bütindünýä ýaşlar jemgyýetini (Global Youth Community), şeýle hem ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumlaryny agzap geçmek bolar. ÝUNESKO-nyň Ýaşlar Forumy her iki ýyldan bir gezek geçirilip, 2023-nji ýylyň Noýabr aýynyň 14-15-ne 13-nji Ýaşlar Forumy guramanyň baş edara binasynda Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriler.
Biz — ýaşlara döwrebap esasda okamaga, öwrenmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merjen MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Halkara hyzmatdaşlyk
bölüminiň baş hünärmeni.