HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRY

     «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen buýsançly şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylymyzda ýurdumyzyň medeni, syýasy jemgyýetçilik durmuşynda, halkara işjeňliginde bolup geçýän şanly wakalar biri-biri bilen sepleşip gelýär. Ynha, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň iň abraýly düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bu hakykatyň üstüni ýetirýär. Türkmen ýaşlarynyň ykbalyna iň bir ýakymly wakalaryň biri hökmünde ornan dünýä jemgyýetçiliginden gelip gowşan bu şatlykly habar ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň halkara derejesinde hem giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Şonuň ýaly-da bu Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligindäki işjeňliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Elmydama dünýä halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, parahatçylyksöýüjiligiň tarapdary bolup çykyş edýän Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy ýoluna ser salanymyzda bu dostana gatnaşyklaryň ýylsaýyn has-da ýygjamlaşýandygyny, täze häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Ynha, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň bu abraýly düzüminiň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna, onda-da ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň 30 ýyllyk senesine gabat gelmeginiň özi-de simwoliki mana eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiziň döwletiň geljegi bolan ýaşlara aýratyn ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagyny ýola goýulmagy döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň sebit we halkara derejesinde giňden dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

     Bu buýsançly waka mynasybetli biz hem Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýolundaky üstünlikler» diýen at bilen maslahat geçirdik. Oňa guramanyň welaýat, etrap-şäher Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary we welaýatymyzyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda edilen täsirli çykyşlardan hem görnüşi ýaly, ÝUNESKO dünýäde ýaşlar syýasatyny ösdürmek, olaryň başlangyçlaryny goldamak, agza ýurtlarda ýaşlar bilen bagly meseleleri çözmek we bu ugurda olara ýardam bermek ýaly birnäçe möhüm meseleleri öz üstüne alýar. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalary örän köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Geçen ýyllarda biziň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6 sanysy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulandyr. Ýene-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublary we ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy.

     Ynha, indi bolsa bu halkara giňişlikdäki dünýäde ýaşlar bilen baglanyşykly ähmiýetli meselelerde bagtyýar türkmen ýaşlary hem öz seslerini goşarlar. Türkmen ýaşlarynyň işjeňliginiň, başlangyçlarynyň diňe bir döwletimiziň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde giň ýollara uzamagyna şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar