«HUJAND» – «MERW» DUŞUŞYGY «VARZISH» TELEÝAÝLYMY GÖNI ÝAÝLYMDA GÖRKEZER

     AFK-nyň Kubogynyň "playoff" (utulan-çykdy) tapgyryndaky «Hujand» – «Merw» duşuşygy «Varzish» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer. Bu barada täjik teleýaýlymyň resmi internet sahypasy habar berýär.

     «Hujand» – «Merw» duşuşygynyň şu gün, 22-nji awgustda Täjigistanyň Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar.

     «Varzish» teleýaýlymyna Türkmenistanda IPTV arkaly tomaşa edip bolýandygyny hem ýatladýarys.

     «Merw» «Hujandy» ýeňip bilse, ýaryşyň Merkezi sebitinde Täjigistanyň «Rawşany», Türkmenistanyň «Altyn Asyry» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Atasy» bilen bir toparçada ýaryşar.

     AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitiniň toparçalaýyn duşuşyklaryna 20-nji sentýabrda badalga berler we bu duşuşyklar 14-nji dekabrda tamamlanar.

     AFK-nyň Kubogy 2023/24

     Merkezi zolak, "playoff" (utulan-çykdy) tapgyry

     Senesi: 22.08.2023ý.

     Geçirilýän ýeri: «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadiony (Hujand ş., Täjigistan)

     Başlanýan wagty: 16:00

     «Hujand» (Täjigistan) – «Merw» (TÜRKMENISTAN)

     TV: «Varzish» teleýaýlymy (Täjigistan)

     Duşuşygyň emini: Ýahýa Mohammad Hassan Al-Mulla (Birleşen Arap Emirlikleri)

     Kömekçi eminler: Ahmed Said Ahmed Al-Asal Al-Raşdi, Ali Raşid Mohammed Al-Jorn Al-Nuaými (ikisem Birleşen Arap Emirlikleri)

     Ätiýaçdaky emin: Sultan Mohammed Saleh Ýusif Al-Hammadi (Birleşen Arap Emirlikleri)

     Gözegçi emin: Mahýub Sadek (Palestina)

     Duşuşygyň komissary: Mohamed Abdulla Nazmi Mango (Iordaniýa)

     Howpsuzlyk boýunça AFK-nyň jogapkäri: Rahul Paraşar (Hindistan)

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR