Ýaşlaryň ykbaly galkynan Garaşsyzlyk ýyllarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, olaryň watansöýüji, kämil bilimli, edepli, terbiýeli, okamaga, öwrenmäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge höwesli nesiller hökmünde kemala gelmegini gazanmakda taryhyň sahypalaryny iňňän galňatjak beýik işler amala aşyryldy. Diňe bir, sebitde deňi-taýy bolmadyk, «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda gurluşygy alnyp barlan Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň özi-de ýurdumyzyň ýagty ertiriniň eýeleri bolan ýaşlara berilýän ähmiýetiň, olaryň nurana geljegi üçin döredilýän şertleriň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu döwrebap şäherde zähmet çekýän raýatlaryň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagy, şeýle-de bu ýerde olaryň dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, ylmy gözleglerini amala aşyrmaklary, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi bu ýerde ýaşajak we zähmet çekjek ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watanymyza, halkymyza, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylan tutumly işlerdir. Şu we beýleki ýaşlar babatda alnyp barylýan her bir iş, ýurdumyzda ýokary derejede durmuşa geçirilýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilýän wezipelerden gelip çykýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleriniň, işjeň agzalarynyň mynasyp paýy bar. Ýaşlar guramasy syýasy taýdan sowatly, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, ýaramaz endikleri bolmadyk, diňe öz bähbitlerini aramaýan, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançylary terbiýelemekligi maksat edinýär.
Häzirki wagtda Guramanyň işjeň agzalary ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleri durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda halal zähmetleri, tutanýerli yhlaslary, alýan bilimleri, özleşdirýän ylymlary bilen mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi diňe bir halkymyz tarapyndan däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzüm bölegi bolan Ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça hereket edýän – ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar.
Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen hoşallyk maslahatynda hem hut şu meselelere, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan ajaýyp eseri – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň halkymyza gowuşmagy we bu ajaýyp şygryň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.
«Magtymguly Pyragy – belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary – nesihatyň teşnesi» ady bilen geçirilen bu çärä Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän her bir eseriň ýaş nesilleri beýik adamkärçilik sypatlarynda, watansöýüjilik ruhunda, türkmençilik ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyna işjeň çekmekde, olaryň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmekde bahasyz baýlykdygy dogrusynda çykyşlarda buýsanç bilen bellediler.
Şeýle hem soňky 30 ýylyň içinde işjeň hyzmatdaşlygy saklap gelýän Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzüm birligi bolan ÝUNESKO-nyň häzirki wagtda alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňeldilip, dünýä halklaryny bir supranyň daşynda birleşdirýändigi hem-de ýurdumyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, bilimi, ylymy ösdürmek, halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmak boýunça ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýandygy dogrusynda hem belläp geçdiler.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň hereketi we onuň agzalygyna kabul edilmegiň ähmiýeti dogrusynda hem täsirli söhbetleri etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli türkmen ýaşlaryny bu hoş habar bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Maslahatyň dowamynda bagtyýar ýaşlygy wasp edýän hem-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýaňlanan aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda has-da ýakymly duýgulary döretdi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.