ARKADAG ŞÄHERI – BILIM ÖZGERTMELERINIŇ ŞÄHERI

     2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebinde Ilkinji Ýaşlar guramasyny döretmek we başlygyny saýlamak, öňdebaryjy ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalygyna kabul etmek maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

     Maslahatyň başynda çykyşlara giň orun berildi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary derejede durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty we bilim özgertmeleri, şol sanda medeniýetde, sungatda gazanylan üstünlikler babatda gürrüňler edildi.

     «Bu gün türkmen ýaşlary Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar» diýlip, çykyşlarda buýsançly bellenildi.

     Soňra «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda bu ýerde Ilkinji Ýaşlar guramasy açyldy we onuň başlygy saýlanyldy hem-de öňdebaryjy ýaşlaryň aglabasy agzalyga kabul edildi.

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY