«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY: BILIMLI ÝAŞLAR BILEN ÖSÜŞIŇ BELENT MENZILLERINE TARAP»

     Şeýle şygar bilen, şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde talyp bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahatda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Atanur Klyşow, Akademiýanyň Ylmy işler boýunça prorektory Merdanbeg Piriýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň başlygy, Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty Serdar Begmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Umyda Kakaýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atlaryň köpeldilişi we iýmitlendirilişi kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kondidaty Myrat Rejepgulyýew, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Oguloraz Durdyýewa, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň biologiýa mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Abdylla Salpyýew hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Röwşen Şyhberdiýew dagy çykyş etdiler.

     Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ylym-bilim özgertmeleri, şol sanda Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen bilim maksatly desgalar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünden ähli türkmenistanly ýaşlara beren taryhy umumy sapagy dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri buýsanç bilen beýan edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY