Ýokarda ady agzalan şygar astynda geçirilen gezelenç çäresi Arkadag şäherinde bina edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlara täsirli duýgulary bagyşlady. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu çäräniň esasy maksady ýaş nesilleriň şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni ýadygärliklerimize, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlerimize bolan söýgülerini artdyrmakdan ybarat boldy.
Gezelenç çäresine gatnaşyjylar, ilki bilen «Arkadag» binasyna, soňra Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşdirilen taryhy we medeni ýadygärlikler seýilgähine bardylar. Olar gezelenjiň dowamynda Arkadag şäheriniň döwrebap gözellikleri, şol sanda taryhymyzdan söhbet açýan milli gymmatlyklarymyz, mirasymyz, taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýollary bilen tanyş boldular.
Ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny diňlemek bolsa has-da täsirli boldy. Çünki olaryň her birinde ýaş ýürekleriň watansöýüjilik ruhuny, milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz söýgini we geljege bolan beýik ynamy duýmak bolýar. Ýurdumyzyň parahatlygyny üpjün edip, ýaşlaryň ykbalyny galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri bolsa has belent duýga eýlendi.
Gezelenç çäresiniň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň çeken suratlarynda bolsa döwrümiziň ýeten beýik derejesi aýdyň şöhlelendi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.