«AKYLLY» ŞÄHERIŇ IKI ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

Düýn «Arkadag» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylanyna iki ýylyň dolmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary hem-de muzeýiň hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa ýaşlara Arkadag şäheriniň döwrebap ösüşleri, halkara abraýy barada täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle ýaşlara Arkadag şäherini mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde ähmiýetli maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem şol gün Arkadag şäherindäki «Miras» taryhy-medeni seýilgähine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresi hem guraldy.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.