ÝAŞLARYŇ ŞÄHERINDE ÝAŞLARYŇ SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

Şu günler Arkadag şäheriniň açylanyna iki ýylyň dolmagy mynasybetli guralýan dabaralar giň gerimde alnyp barylýar. Bu çäreleriň çäklerinde şäheriň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler hem yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag hem-de Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik hem Arkadag şäheriniň iki ýyllygyna bagyşlandy.

Gepleşigi  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Ogulbäbek Baýmyradowa alyp baryp, onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Mahym Selimowa, Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçyl yk akademiýasynyň mugallymy Baýramberdi Niýazlyýew hem-de «Arkadag» gazetiniň habarçysy Çaryberdi Rejebow dagy baý maglumatly, anyk delillere salgylanyp, täsirli çykyşlary etdiler.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.