«ARKADAG ŞÄHERI – ÖSÜŞIŇ WE ÖZGERIŞIŇ MEKANY»

Şeýle şygar bilen, düýn, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, geljegi uly, sazlaşykly ösýän we ýaşamak üçin hemme amatlyklary döredilen Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlik Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.