Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini, halkymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary – şöhratly taryhyň şaýady» atly ylmy-amaly maslahat we muzeý gymmatlyklarynda sergi gurnaldy.
Muzeý gymmatlyklary – halkyň taryhynyň, medeniýetiniň, sungatynyň hem-de däp-dessurlarynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýän maddy we ruhy miraslardyr. Olar geçmişi öwrenmek, häzirki döwri seljermek we geljegi gurmak üçin ähmiýetli çeşme bolup durýar.
Häzirki döwürde muzeýler ylmy merkezlere, medeni aň-bilim ojaklaryna öwrülýär. Sanlylaşdyrmak, 3D ekspozisiýalar, wirtual syýahatlar, QR-kod hyzmatlary ýaly täze tehnologiýalaryň girizilmegi hem muzeý gymmatlyklarynyň elýeterliligini artdyrýar. Muzeý gymmatlyklary – bu halkyň ýaşaýyş ýolunyň, ruhy baýlygynyň hem-de döredijilik ukybynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olary öwrenmek we gorap saklamak bolsa her bir raýatyň borjy bolup durýar.
Maslahata we sergä «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, «Gökdepe» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, Gökdepe milli muzeýiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri şeýle hem Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýörite orta hünär mekdepleriniň talyplary, mugallymlary gatnaşdylar.
Mämmedali ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.