Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi, ilkinji nobatda eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatdan ugur alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmäge, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek işine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle asylly maksatly çärelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem işjeň gatnaşyp, meýilnamalaýyn işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň agzybir işgärleridir işjeň agzalary hem degişli gullugyň işgärleri bilen birlikde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işlerini, mekdebe gatnaýan okuwçylaryň, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini, çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda dürli oýunlary yzygiderli guraýarlar. Olarda ýol hereketiniň kadalary we düzgünleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Munuň özi ýaşlarda we körpe nesillerde hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýeleýär.
Şeýle çäreleriň biri, şu gün Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Wagyz-nesihat görnüşinde geçirilen çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş, Bilim we Medeniýet müdirlikleriniň, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde tassyklaşan meýilnamasy esasynda geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen oba-şäherlerimizde döwrebap ulag ýollarynyň gurulýandygy, olaryň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýol belgileri, ýolyşyklary we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýändigi, ýer üsti we ýer asty geçelgeleri şeýle hem ýol gözegçilik gullugynyň işiniň barha kämilleşdirilýändigi dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Bagtyýar talyp ýaşlary döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýol hereketlerine dogry we dürs gatnaşyp, adamyň we jemgyýetiň sagdyn bolmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrdylar. Şeýle hem halkymyzyň parahat hem asuda durmuşda ýaşamagy babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.