KANUNY BERK DÖWLET – KUWWATLY DÖWLET

     Geçen hepdäniň anna güni Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň kazyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramaklarynda «Ýol we hereketiň sazlaşygy – bagtyýar durmuşyň abadanlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Arkadag şäherindäki dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Olarda ýurdumyzda hereket edýän «Administratiw önümçilik hakyndaky» kanunçylygyndan gelip çykýan wezipeler, ýaşlaryň hukuk düşünjeliligini artdyrmak boýunça, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti, ýurdumyzyň adalat edaralarynyň alyp barýan işleri hakynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle  hem wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda oňa gatnaşyjy ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglary bilen çykyş edýänlere ýüzlenip, kanagatlanarly jogaplary aldylar.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY