Ýollarymyzyň asudalygy, halkymyzyň saglygy ugrunda durmuşa geçirilýän işler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen badalga alan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler aýdylanlary doly tassyklaýar. Şeýle çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi we degişli gulluklaryň bilelikde tassyklamagynda taýýarlanan meýilnama esasynda wagyz-nesihat çäreleridir maslahat duşuşyklary has-da guramaçylykly alnyp barylýar.
Şeýle çäreler Arkadag şäheriniň bakja baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda hem yzygiderli geçirilýär. Olarda körpe nesillere ýörite gurnalan meýdançalarda dürli oýunlaryň we hereketleriň üsti bilen ýol we ýolagçy baradaky tertip-düzgün bilen tanyşdyrylýar.
Bagtyýar körpeler bu çärelere işjeň gatnaşýarlar. Çagalaryň ene-atalarydyr terbiýe berýän mugallymlary bolsa bagtyýar çagalygy üpjün etmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edýärler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.