SAGLYGY BERKITMEKDE SPORTUŇ ORNY

     Sport – sagdynlyk we gözellikdir. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülýär. Munuň özi, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we adamlaryň jan saglygyny berkitmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleri özünde jemleýän ynsanperwer syýasatyň özeninde sporta hem möhüm ornuň degişlidigini aýdyň görkezýär.

     Sagdyn adam hemişe şähdaçyk, maksada okgunly, ruhubelent bolýar. Sport bilen meşgullanýan mahalyň bütin bedeniň hereket edýär, pikirleriň durlanýar,  sagdyn pikirlere ýol açylýar. Sözüň doly manysynda, sport bilen meşgullanmak her bir adam üçin saglygy berkitmegiň we özünde döräp biljek islendik keseliň öňüni almagyň iň amatly usulydyr. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, sport arkaly öňde goýlan maksatlara we belent sepgitlere ýetilýär, durmuşa höwes we ynam gazanylýar. Ýurdumyzda her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda döwletimizde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi, halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda amala aşyrylýan çärelerdir.

     Ýaşlar saglygyny berkitmekde döwletimiziň ýeňillikli mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Şeýle mümkinçilikler dogrusynda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda”  hem aýratyn bellenilýär.

     Ýaşlar birek-birek bilen agzybirlikde saglyk üçin gymmatly bolup durýan we sagdyn durmuşa höweslendirýän sporty wagyz edip, kuwwatly sport binýadyny emele getirmelidir. Maksatnamada bellenilişi ýaly, mundan beýläk-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, hut şu jähtden sagdyn durmuşy berkarar etmek, boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmäge höweslendirmek, ýaryşlary we köpçülikleýin sport çärelerini yzygiderli esasda geçirmek, şunuň bilen birlikde sport işjeňligini artdyrmak, mümkinçiligi çäkli ýaş raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna höwes döretmek ýaly belent ynsanperwer maksatlara giň orun berilýär. Şeýle belent maksatlara ýetmäge işjeň goşulmak ýaşlar üçin uly buýsançdyr.

     Sahawatly işleriň şaýady bolýan mahalyň, döwletimizde adam hakyndaky aladanyň iňňän ýokary derejede durýandygyna buýsanjyň has-da artýar. Döwrüň rahat we bolelin gurşawynda, ýokary ruhubelentlikde zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzy mundan beýläk-de ýagty ertirlere tarap öňe alyp barmakda bitirýän il-ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Magsat OTUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR