FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ KUBOGY ― 2024-IŇ SAÝLAMA TAPGYRYNDAN ÖŇ HYTAÝDA OTÝ GEÇER

     Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasy Hytaýyň Dalian şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy okuw ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer.

     Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýygyndy toparyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

     Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň «K» toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Taýwanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. «K» toparçanyň duşuşyklary 6 ― 12-nji sentýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

     Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR