WEPA JUMAÝEW TÜRKMENISTANYŇ MILLI ÝYGYNDYSYNA ÇAGYRYLDY

     Belarusyň «Energetik-BGU»-synyň goragçysy Wepa Jumaýew baş tälimçi Mergen Orazow tarapyndan 8-nji sentýabrda Indoneziýanyň, 12-nji sentýabrda bolsa Bahreýniň ýygyndylary bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklary üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. Bu barada Minsk şäherine wekilçilik edýän klubyň metbugat gullugy habar berýär.

     22 ýaşly Wepa Jumaýew «Energetik-BGU»-nyň düzüminde şu möwsümde ähli duşuşyklara başlangyç düzümde çykan ýeke-täk futbolçydyr. Ol Ýokary liga — 2023-däki 17 duşuşyga gatnaşyp, olarda bir gezek tapawutlandy.

     Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyry üçin sentýabr aýynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirjekdigini we bu ýygnanyşygyň çäginde iki sany ýoldaşlyk duşuşygynyň boljakdygyny ýatladýarys. Milli ýygyndynyň tälimçiler düzümi bu duşuşyklarda oýunçylaryň ýagdaýyny seljererler.

     Türkmen ýygyndysy DÇ — 2026-nyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna 16-njy noýabr güni Özbegistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk arkaly girişerler. Bu duşuşyk Türkmenistanda geçiriler.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR