PAGTA

     Oba hojalyk pudagynda esasy ekinleriň biri hasaplanýan pagta ýurdumyzyň milli baýlygydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde obasenagat pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, täze çemeleşmeleriň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen pudak täze ösüş ýoluna gadam basdy. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri her ýyl pagtanyň hem-de bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde zähmetsöýer babadaýhanlarymyza döwlet tarapyndan köpsanly ýeňillikler döredilýär. Şeýle ýeňilliklerden peýdalanyp yhlasly zähmet çekýän pagtaçylarymyz «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler we ony ýitgisiz ýygnap almaga girişdiler.

     Ýygnalan pagta hasyly ýurdumyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalara eltilip doly we talaba laýyk işlenip, arassalanyp dokma toplumlaryna ugradylýar we dokma toplumlarynda taýýar egin-eşik öndürilip, halk köpçüligine hödürlenýär. Mundan başgada öndürilýän önümler daşary ýurtlara eksport edilýär. Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA