MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT IŞLERI GEÇIRILÝÄR

     Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli etrabymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 21-nji orta mekdebinde «Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty, Arkadagly Serdarymyzyň ynamy bilen öňe barýar türkmen ýaşlary» atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna etrabyň mugallymlary gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

     Duşuşygyň dowamynda mekdep okuwçylary hem ýürek buýsançlaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Guwanç ALLABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 498 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 495 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 508 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT