Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 16-njy orta mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsyzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň Polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugynyň wekili, mekdep okuwçylary hem gatnaşdy. Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag heläkçilikleriniň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça geçirilýän işler hakynda aýdylyp, ýaşlara ýol howpsyzlygynyň düzgünleri barada giňişleýin düşündiriş berildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaş nesiller hem-de halkymyzyň asudalygy üçin edilýän aladalar dogrusynda beýan edilip, türkmen halkyny bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.