ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň we Kaka Dokma Toplumynyň bilelikde gurnamagynda toplumyň mejlisler zalynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa dokma toplumda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

     Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar barada edilýän aladalar, olaryň ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda gürrüň edip, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada belläp geçdiler şeýle hem ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 497 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 491 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 505 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT