Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün türkmen halky dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz gatnaşyjylary ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän baýramçylyk hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň depginini has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribämiz barada, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakynda.belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, etrap häkimligi we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 143-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ertiriň daýanjy nurana ýaşlar» atly şygar bilen hoşallyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri uly buýsanç bilen beýan edildi.
Humaý ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.