TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

     Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şeýle hem, Türkmenbaşy dokma toplumlarynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň bilelikde gurnamagynda tegelek stol geçirildi. Onda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde edilen taryhy çykyşlar hem-de hormatly Prezidentimize “Gahryman” diýen beýik adyň dakylmagy hem-de aýratyn tapawutlandyryş «Altyn Aý» altyn nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli söhbet edilip, ýaşlarmyzyň ýürek töründen syzylyp çykan ak arzuwlar joşgunly beýan edildi. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş hakynda gürrüň edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Rahmanberdi HYDYRLYÝEW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY