GARAŞSYZLYK BAÝRAMY — GALKYNDYRDY HALKYMY

     Garaşsyzlyk bu bereketli toprakda el-ele berip agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Ýakynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Her bir ugurda zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlarymyz bu baýramçylyga özleriniň zähmet üstünlikleri bilen gatnaşdylar.

     Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň baş bilim müdirliginiň 129-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmaklarynda «Garaşsyzlyk baýramy — galkyndyrdy halkymy» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Şeýle hem eziz Diýarymyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna buýsançly alkyşlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk arzuw etdiler.

 

 

Humaý ATAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY