Golaýda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda, toplumyň Tikin fabriginde zähmet çekýän ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň, şeýle hem, uzak ýyllaryň dowamynda dokma pudagynda zähmet çekip gelýän halypa zenanlaryň gatnaşmaklarynda «Halypa-şägirtlik ýoly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede dokma pudagynyň gazanan üstünlikleri, ýetilen beýik sepgitler, gaýnap joşýan zähmetiň ähmiýeti dogrusynda şeýle hem Aşgabat dokma toplumynda alnyp barylýan işler, öndürilýän dokma önümleri hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözleri uly buýsanç bilen beýan edildi.
Nurjemal NEPESOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.