6-njy oktýabr Hatyra güni mynasybetli paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga bürenip, ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoluny ýatladyp duran «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, etrap Geňeşleriniň gurnamagynda, ýaşlar guramasynyň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň, talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda gezelenç duşuşygy geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmekde, merdana pederlerimiziň sarpasyny belent tutmakda, nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda mähriban halkymyz goja taryhyň pajygaly wakalaryny ýatlap, Hatyra gününi belleýär.
Halkymyzda «Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan — beg» diýlen pähim bar. Toplumdaky 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda, Gökdepe galasyny goramak ugrundaky söweşlerde, Watan üçin beýleki ýowuz uruşlarda wepat bolanlaryň «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň «Ruhy tagzym» diýen ýadygärlikleri, şeýle hem «Watan mukaddesligi» muzeýi halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, öz beýik geçmişine çuňňur hormat goýýandygynyň nyşany bolup, watançylyk ruhuňy belende göterýär. Gezelenç duşuşygyna gatnaşyjylar mertlerimizi hatyralap, olary sarpalamaga, ýatlamaga geçen döwürlerdäki pajygaly pursatlary halkyň aňyna ornaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, asuda Diýarymyzda her bir ojakda çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.