IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

     Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa oba-hojalyk pudagynyň zähmetkeşleri, talyp ýaşlar şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çärede çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, jan-saglyk, maşgala abadançylygyny, aňsat bolmadyk asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler. Güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegini gazanmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işleriň olary tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem bagtyýar ýaşlaryň okap bilim almagy, öz saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 73 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 25 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY