SPORT — GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGLYK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

     «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde bedenterbiýe we sport çäreleri geçirildi. Köpetdag şaýolunyň ugrunda köpçülikleýin estafeta ylgaw ýaryşy hem geçirilip, bu ýaryşa Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Ýaryşyň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri 200 metr aralygy 5 tapgyr boýunça, jemi 1 müň metr geçmek ugrunda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 250 metr aralygy 10 tapgyr boýunça, jemi 2 müň 500 metr ylgap geçmek ugrunda bäsleşdiler.

     Hormatly Prezidentimiziň «Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar.

     Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

 

 

Senem GARAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar