Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik Guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy dogrusynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabynyň XV jiltiniň halk köpçüligine ýetirilmegi, onuň ähmiýeti barada söhbetli gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän mümkinçilikler üçin köp sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwlet bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Näzik ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.