Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek, döredijilik we sport bilen meşgullanmaga şertleri döretmek öňde durýan möhüm wezipelerdir. Ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, olaryň jemgyýetçilik birleşiklerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungata, zähmete söýgi döredip, maşgala gymmatlyklaryny sarpamalaga ündemek döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ösdürilýär. Çünki ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelere işjeň goşulyşmagy çäksiz buýsanç döredýär. Munuň özi, döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly terbiýeli ýaşlaryň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär. Döwletli tutumlara goşulyşyp, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, asylly işleri bitirýän ýaşlary göreniňde, geljegimiziň geljeginiň berk binýatlydygyna bolan ynamyň has-da artýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binägärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, umumy okuw sapagyny geçmegi türkmen ýaşlarynyň durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüldi. Alym Arkadagymyz ýaş nesliň öňünde taryhy söz sözläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasy, şu güni we bagtyýar geljegi, ýaş nesliň borçlary hakynda çykyş etdi. Geçmişimizi, bagtyýar şu günümizi hem-de nurana geljegimizi şöhlelendirilýän bu taryhy çykyş her birimizde aýratyn buýsanç, ýokary ruhubelentlik hem-de geljegimize bolan egsilmez ynam döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly taryhy çykyşy, diňe bir talyplar, okuwçylar üçin nusgalyk gollanma mekdebi bolman, her bir kärde zähmet çekýän ýaşlar üçin, biziň her birimiz üçin watançylyk sapagydyr. Watansöýüjiligiň belent çagyryşy bolup ýaňlanan bu sapak bilim-terbiýäniň gözbaşynda hemişe milliligiň durmalydygy, onuň usullarynyň bolsa döwrüň iň ösen talaplaryndan yzda galmaly däldigi baradaky hakykaty ýene-de bir gezek subut edýär.
Giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Meretgül ESENOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň mugallymy.