ÄLEME MEŞHURDYR GARAŞSYZ DIÝAR, BERKARAR DÖWÜRDE ÝAŞLAR BAGTYÝAR

     Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp jümle bar. Biziň döwrümizi, döwranymyzy şatlykly wakalara, taryhy senelere besleýän Hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny, il-günümiziň agzybirligini gazanmakda beýik işleri durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlyklar bilen utgaşýandygy aýdyňlygy bilen mälim edýär. Häzirki wagtda ýaşlar syýasatynyň Arkadagly Serdarymyzyň ykbal çözüji özgertmelerinden ybarat bolan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bolsa, ýene bir ýola ýaşlar syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

     Ýaşlaryň erkana okap, bilim almaga giň mümkinçiliklere baý bolan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara baýdyr. Şeýle buýsançly wakalaryň biri hem, şan-şöhratly senelere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýzüniň ilkinji güni türkmen biliminiň taryhyna täze sahypany ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy ýaşlaryň bagtly geljegine gönükdirilen işleriň ajaýyp beýany boldy. Milli Liderimiziň umumy sapagyny Arkadag şäherinde geçmegi bolsa, maksadalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi bu şäher — bilimleriň şäheri, bu şäher — ýaşlygyň hem-de ýaşlaryň şäheri. Şäheriň gurluşygynda, onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagynda ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we professor mugallymlarynyň gatnaşmagy Arkadag şäheriniň hakykatdan-da ýaşlaryň we bilimler şäheridigini görkezýär.

     Bilim hem-de ýaşlar. Bir-birine utgaşykly gelýän bu düşünjeler biziň durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň asyl manysydyr. Çünki, bilim merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden hem-de nesilden-nesle geçirip gelen iň gymmatly baýlygydyr, durmuş ýörelgesiniň, medeniýetiniň hem-de tejribesiniň gözbaşydyr. Ýaşlar bolsa jemgyýetimiziň iň ygtybarly hereketlendiriji güýjidir. Pederleriň parasadyny köňüllere nagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy hem beýik başlangyçlaryň binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlaryň maglumat goruny baýlaşdyrdy. Dogrudan hem, bilimler mekany bolan Ata Watanymyza döwletliligi bagyş edýän Gahryman Arkadagymyz döwrümiziň beýik, milletimiziň baş mugallymydyr. Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynda pederlerimiziň watansöýüjilik ruhy, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleri barada parasatly sözleri beýan edip, halkymyzyň taryhy ýolunyň örän beýikdigini, nusgalykdygyny, çeper döredijilik mirasymyzy anyk deliller bilen düşündirip, taryhy şahsyýetlerimizi hem-de ylym ägirtlerini ýatlap geçmegi, ýaşlara beýan eden binýatlyk garaýyşlary we beren öwüt-ündewleri türkmen ýaşlaryna nusgalyk mekdepdir. Milli Liderimiziň, «Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin. Söhbetdeşliklerden galan täsirler, ýaşlar üçin döredilen şertler barada öz eserlerimde gürrüň berýärin» diýmegi bolsa, ýaşlaryň kalbyndaky ajaýyp duýgulary ganatlandyrdy. Mahlasy, bu nusgawy sapak öňdebaryjy tejribäniň mekdebi boldy.

     Biz hem Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar — mähriban Watanymyzyň geljegi» diýen sözlerini özümize baş şygar edinip, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatlaryny doly derejede goldap, Watanymyza mynasyp ýaş nesli kemala getirmek-de, olaryň watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerinde yhlasly zähmet çekeris. Goý, halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere atarýan, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, Watanymyzyň ösüşli, röwşen ýollary rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI