Braýl elipbiýi gözi görmeýän adamlar üçin döredilýär. Bu elipbiý güberçek şekilli nokatlardan düzülip, her biri harpy aňladypdyr. Munuň özi, görmeýän adamlaryň ýazmagy, okamagy üçin amatly bolupdyr. Olar barmaklarynyň uçlary arkaly şekilleri duýup, aňynda sözleri we sözlemleri kemala getirýärler. Ýörite geçirilýän sapaklar bu babatda örän ähmiýetli bolup, olaryň harplara düşünip, duýgularyna erk edip, öz-özüni dolandyrmak ukybyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Bu täsin elipbiýi 1824-nji ýylda fransuz tiflopedagogy Lui Braýl döredipdir. Şeýle elipbiýiň döredilmeginiň özboluşly taryhy bar. Lui heniz 3 ýaşyndaka, gözüniň sowuklamagy zerarly görmeden galypdyr. Kakasynyň aladasy bilen, ýaş çagajygyň okamak we daşky dünýä düşünmek babatda gyzyklanmasy has-da artypdyr. Wagtyny netijeli we tygşytly ulanmagy başaran Lui ýaşlygyndan özbaşdak işlemegi gowy görüpdir. Ol 10 ýaşynda pianino we organ çalmagy öwrenipdir. Nota taýýarlap, pianinoda ajaýyp sazlary ýerine ýetirmäni başarypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, harplardan we sanlardan düzülen elipbiýi düzüpdir. Şonda ol bary-ýogy on bäş ýaşyndady. Onuň düzen şekilleri ussat tiflopedagog Walentin Gauiniň elipbiýine ters gelipdir. Ýeri gelende bellesek, Walentin Gaui ýer ýüzünde ilkinji bolup, gözi görmeýän adamlar üçin niýetlenen şekilleri öwredýän kitaby ýazyp, çap edipdir. Gauiniň elipbiýi gözi görmeýän adamlar üçin oňaýly we amatly bolupdyr. Munuň özi, çagalykdan öz üstünde işläp, kämilleşen, zehinini haýyr işlere gönükdirmegi maksat edinen Lui üçin has jogapkärli döwrüň başlanandygyny görkezipdir. Şeýlelik bilen, ol bu işiň hötdesinden gelip, özboluşly täsin elipbiýi döredipdir.
Umytsyzlyk we ynamsyzlyk adamlaryň diňe bir gözüni däl, kalbyny hem kör edýär. Lui Braýl şeýle adamlaryň ýaşaýşyna umyt döredýär. Belki muňa özüniň şol ýagdaýa düşendigi üçin düşünendir. Özüniň gatnan mekdebinden has ileri bolan kakasynyň beren tälimi we yhlasy adamzat üçin haýyrly işiň döremeginde özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda elipbiýiň elektron okatmak usuly ulanylýar. Kompýuterlerde ýörite programmalar taýýarlanylyp, sapaklar elektron görnüşde geçirilýär. Bu bolsa, wagt we hil taýdan örän netijeli. Lui Braýlyň düzen täsin elipbiýi bolsa bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.
Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.