Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy girişden we dokuz bölümden ybarat bolup, ol ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de bu Konsepsiýanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylandygyny bellemelidiris.
Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi möhüm bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.
Häzirki döwürde «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde elektron resminamalar dolanyşygy ýola goýlup, internet web-saýty işe girizilýär. Ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletlerindäki ýaly derejä çykarmak babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ugurdaş ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde ykdysadyýetiň dürli ugurlary üçin zerur bolan zehinli, ukyp-başarnykly hünärmenler taýýarlanylýar. Bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we beýleki möhüm resminamalara laýyklykda alnyp barylýar.
Bize okamaga, hünär eýesi bolmaga ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, döwletli işleri rowaç bolsun!
Arslan MAKSADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.